Söhbet Jumaýew bilen Söhbetdeşlik we uly maglumat !!!

-Söhbet seniñ bilen bu günki söhbetdeşligimizde saña birnäçe soraglarymyz bar ilkinji soragym

Şu wagt siz näme bilen meşgullanýañyz?

-Özüm barada aýtsam.Men hazirki wagtda mary welaýatynyñ serhedabat etrabynda watana bolan gulluk borjumy ýerine ýetirip ýörün.Men öz muşdaklarymyñ hemmesine jan saglyk işleriñizde hemişe üstünlik arzuw edyan.

-Söhbet siz näçinji ýylda we nirede doguldyñyz gysgaça aýdyp berseñiz?

-Men 1992-nji ýylyñ 18 — nji iýulynda Lebap welaýatynyñ Garabekewül etrabynda doguldym.

-Maşgalañyzda näçe dogan we sen näçinjisi?

— Biziñ Maşgalamyzda 3 dogan,Men iñ ulysy.

-Orta bilimi nirede aldyñyz we näçinji ýyllarda?

-Men 2009-nji ýylda Garabekewül etrabynyñ 1-nji orta mekdebini tamamlap,şol mekdebiñ uçurymy boldum.

-Aýdym saz sungatyna haçan başladyñyz hem-de siziñ halypañyz kim?

-Men aydym saz sungatyna yaşlykdan başladym we bu yolda öz halypam Eldar Ahmedowdygyny bellap geçýän.

6250