Ispaniýanyň «Real» futbol klubynyň we Portugaliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştiano Ronaldo klubyň Çempionlar Ligasyndaky ýeňişi üçin berilen 600 müň ýewro baýrak puluny BMG gaznasyna geçirdi diýip «TASS» Ispaniýanyň Bolsamania portalyna esaslanyp ýazýar.

Ýatladyp geçsek: «Real» finalda şäherdeşi «Atletiko» bilen oýnady. Esasy we goşmaça berilen wagtlarda hem hasap 1:1 boldy, penaltylar seriýasynda bolsa 5:3 hasabynda, Ronaldonyň uran soňky penaltysy esasynda ýeňiş gazanan «Real» taryhynda 11 gezek bu kubogy eýeledi. We klub bu ýeňişden jemi 18 mln ýewrodan gowrak pul baýragyny aldy.

Ýene bir bellemeli zat: «Real» — «Wolfsburg» oýnunda Ronaldo eden het-trigi üçin hemaýatkäri «Audi» tarapyndan 4,4 mln ýewro baýrak puly alypdy.

1525