2017-nji ýylyň ikinji ýarymynda Nokia kompaniýasy Android platformasynda işlejek täze smartfonlary bilen telefon bazaryna dolanar. Bu barada RBC habar berýär.

2013-nji ýylda Microsoft kompaniýasy 5.44 mlrd ýewro Nokia kompaniýasyny satyn alypdy, Microsoft ilki bada Nokia brendiniň Lumia modellerini satyp, soňrak Nokia brendinden ýüz öwürip, diňe Lumia ady bilen smartfonlary satyp başlapdy. Şondan bäri Nokia brendinde hiç bir smartfon satuwa çykmady. Ýaňy-ýakynda bolsa, Microsoft kopmaniýasyndan HMD Global kompanìýasy Nokia brendini doly satyn alyp, Nokia brendinde täze telefonlary satuwa çykarjakdygyny aýtdy.

Nokia täze smartfonlary Barselonada geçiriljek MWC 2017 (Mobile World Congresse) sergisinde köpçülige hödürlener we indiki ýylyň ikinji ýarymyndan satuwa çykarylar.

Bu beýik kompaniýanyň telefonlaryny tanamaýan ýok bolsa gerek.

1639