Eý, ýaranlar, bir bigaýrat ýigidiň,

Müň ýaman söz aýtsaň, janyna degmez

Zynhar, düşmäň namartlaryň goluna

Ger, öldürseň nähak ganyna degmez.


Söz bilmeseň, bilenini aýtmasaň,

Söz sözledip, söz aslyna ýetmeseň,

Ýaý çekende, dogry garap atmasaň,

Ol okuň nyşanaň ýanyna degmez.


Magtymguly, sözüň bilene sözdür,

Bilmegen adama gury owazdyr,

Gözel bar, müň tümen ýidirseň azdyr,

Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.


Adam bar, müň tümen iýdirseň azdyr,

Bardyr adam, iýen nanyna degmez.


Magtymguly Pyragy

1943