Pekinde iPhone 6s göçürimi sebäpli gadagan etdiler

Dünýäde Apple meşhur smartfonlarynyň satuwlarynda öňe geçmek üçin, gör nämeleri etmeýärler.

Pekin hökümiýeti Apple şereketiniň iPhone 6 we iPhone 6 Plus smartfonlarynyň satuwlaryny gadagan etdi.

Munuň ýaly, geň galdyryjy gadagan edilmäniň sebäbi, tassyklanylmadyk fakt, Apple şereketiniň iki sany nusgasy hamala Burley hytaý şereketiniň nusgalarynyň göçürmesi diýlip çaklanylar diýip «Engadget» neşirýaty habar berýär.

Barlag wagtynda, Pekiniň intellektual özbaşdaklygyny goraýan býurosy barlagy esasynda, Apple şereketi bikanun 100C smartfonynyň dizaýnyny ogurlapdyr.

Bilermenleriň pikri boýunça, iki smartfon nusgalarynyň arasynda tapawut gaty uly däl, adaty satyn alyjy olary çalşyp hem satyn alyp biler.

Munuň ýaly fakty ýüze çykarylandan soňra, ýerli häkimýet Pekinde iPhone 6 we iPhone 6 Plus telefonlaryny satmaklygy gadagan etdiler.

Şeýle-de, Apple şereketiniň bu çözgüde arz edip suda berendigi hem bellidir.

4228