Hytaý 70 dollara döwülmeýän Leagoo atly smartfony çykardy

Ekranyň goragy örän täsir galdyryjy!!!

Smartfonlaryň peýda bolmagy bilen ýönekeý telefonlar uzakda galdy… Pikir ediň, şu günki günde arkaýy gaty hozy döwüp bilýän we çekiç bilen uranyňda zaýalanmaýan Android dewaýsy barmyka? (iOS gadžetleri barada hiç zat aýtmak gerek däl)

Tanyş boluň, hytaýyň Leagoo atly brendi tarapyndan M5 smartfony:

Öndürijileriň aýtmaklaryna görä, Leagoo M5 nanotehnologiýaly ramadan düzülen. Ekranyň diagonaly 5 dýuým 1280 x 720 pikselli. Maglumatly işlemeklikde 4 ýadroly prosessor Mediatek MT6580 (1,3 GHZ) jogap berýär, grafika bolsa Mali-400 MP kontrolleri hyzmat edýär.

Enjamyň operatiw ýady 2 GB, hemişelik ýady 16 GB, akkumulýatory 2300 mAç. Wideo kamerasynyň ölçegi bolsa 8 MP.

Leagoo M5 iki sim kartly bolup, LTE torlarynda hem işleýär. Ýöne bärde iň özüne çekiji zat, onuň düşündirip bolmaýan arzan bahasy. Meşhur Nokia 3310 telefonynyň bu täze nesli (urgaçydamlylygy boýunça) bary ýogy 70 ABŞ dollaryna deňdir.

1625