Youtube sosial torunda Hacking Jules lakamly ulanyjysy LG G Watch atly akylly sagadyndan Windows 7 operasion ulgamyny işletmegi başardy. Bu barada Android Community ulgamy habar berdi. Hakeriň sözi bilen stasionar operasion ulgamyny daşky gadžet bilen ýüklemeklik 3 sagada golaý wagtyny alypdyr. Sistema ýüklenenden soň ekrany syçanjyk bilen ýa-da sensoryň ekranyndan dolandyrmaklyk mümkindir. Bu barlagda akylly sagadyň 42 millimetrli ekranly, prosessory Qualcomm Snapdragon 400 we takt ýygylygy 1.2 Gigagers, 512 Megabaýt operatiw ýatly LG G Watch smartwatch sagady ulanyldy. Adaty ýagdaýda akylly sagatlar 2014 ýylyň iýun aýynda çykarylan Android Wear operasion ulgamynyň dolandyrylmagynda işleýärler.Mundan başga-da hem bu akylly sagatlara Mac we beýleki operasion ulgamlary ýüklemeklik barlagdan geçirilýär.

1354