Ali ibn Abu Talib (radiyallahu anh) rowayatlaryndan şeýle diýýär:

Bir gün Allahyň Resulynyň (sallahu aleýhi wessellam) ýanyna bir aýal maşgala gelip: '' – men bir oglana durmuşa çykmak isleýärin. Näme diýip bilersiňiz bu barada?''

Serwermiz ýylgyrdyda şeýle jogap berdi: «Erkegiň haky aýal maşgalanyňkydan köpdür. Sen olary ýerine ýetirip bilermiň?''Onda ol gyz: '' o nähili?'' diýip sorady.

-'' Eger sen öz äriň göwnüne degseň, sen Allahyň garşysyna çykdygyň bolar we seniň namazyň kabul bolmaz''

— ''Ýene –de barmy ?''

-''Egerde aýaly öz ärinden birugsat köçä çyksa, her äden ädimi günä hasaplanylar''

-''Ýene-de barmy ?''

-''Egerde aýaly erbet söz aýtsa ,onda kyýamatda onuň dili arkasyna oralar''

-''ýene de barmy?''

-''Egerde aýalynyň baýlygy bar bolsa we ärine kömek etmese ,ahyrýetde onuň yüzü gara bolar''

-''Ýene-de barmy?''

-''Egerde aýaly äriniň baýlygyny ogurlap başga birine berse we ötünç soramasa,onda ol aýalyň beren sadakalaryny we zakatlaryny Allah kabul etmez''

-''ýene –de barmy?''

— ''Egerde aýaly ärine sögse we oňa garşy söz aýtsa ,onda ol dili üçin Dowzahda asylar. Egerde aýal aýdym sazyň bolýan ýerine gitse we onuň üçin pul berse ,onda geýinen eşikleri şeýle diýip nalarmyş:» Sen bizi öz ýanýoldaşyň üçin geýmediň ,sen bizi haram ýerlere gitmek üçin geýdiň". Şeýle aýallary ALLAh 1000ýyllap ýanmagy buýruk eder.''

Bu zatlary eşiden gyz şeýle diýdi:" –Ya Allahyň Resuly! Bu çaka çenli durmuşa çykmandym we indi hem çykmaryn". Onda Pygambermiz(sallallahu aleyhi wesselam) şeýle jogap berdi:" Durmuşa çykaňda nähili sogaplary gazanýanydygyň barada hem aýdyp bereýinmi?" onda diňle:" Eger äri men senden razydyryn diýse, munyň sogaby aýaly üçin 60ýyl namaz okan ýalydyr". " Egerde sen oňa bir bulgur suw uzatsaň, bu seniň üçin 1 ýyl oraza beklenen ýaly sogap bolar".'' Äri bilen jyns gatnaşykdan soň gusul alsa,munyň sogaby 1000ýyl gurbanlygyň sogaby ýaly bolar"."Ärine mekirlik etmeden ölse ,perişdeler tesbi sanar" .''Öz baýlygyny äri üçin saklap gezse we äriniň hossarlary bilen gowy gatnaşsa ,5 wagt namazyny okasa,orazasyny tutsa bularyň sogaby 1000 gezek Käbä aýlanan ýalydyr."

5834